Sionist režiminiň uruş ministrniň wezipesinden çekilmegi babatly Gaza ilaty hoşaldyrlar
https://parstoday.ir/tk/news/west_asia-i4145-sionist_režiminiň_uruş_ministrniň_wezipesinden_çekilmegi_babatly_gaza_ilaty_hoşaldyrlar
müňlerçe Palestinaly Hemas hereketiniň syýasy gullugynyň başlygy Ismail Haniýanyň öýunyň garşysynda ýygnanşyp çydam güýçlerine goldaw bermek bilen bir wagtda Sionist režiminiň uruş ministri Awigdor Liebermanyň wezipesinden kenara çekilmegi babatly hoşallygyny yglan etdiler.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Nov 15, 2018 14:08 Asia/Ashgabat
  • Sionist režiminiň uruş ministrniň wezipesinden çekilmegi babatly Gaza ilaty hoşaldyrlar

müňlerçe Palestinaly Hemas hereketiniň syýasy gullugynyň başlygy Ismail Haniýanyň öýunyň garşysynda ýygnanşyp çydam güýçlerine goldaw bermek bilen bir wagtda Sionist režiminiň uruş ministri Awigdor Liebermanyň wezipesinden kenara çekilmegi babatly hoşallygyny yglan etdiler.

Awigdor Lieberman düýn Palestinanyň Hemas hereketiniň garşysynda boýun bolup Gazada aramlyk berkarar etmek üçin Benýamin Netaniýahunyň atyşygy bes etmek barada Hemas bilen karara gelenligi babatly wezipesinden kenara çekilýänligini yglan etdi.

Palestinanyň Yslam Çydam hereketi Liebermanyň bu hereketini Gaza üçin bir syýasy ýeňiş we Sionist režimiň uruş ministri üçin bir şowsyzlyk hasaplady.

Awigdor Liebermandan soňra 9 ýyl bäri Sionist režiminiň migrasiýa ministri bolan Sofa Landwer hem wezipesinden kenara çekildi.

Hemas hereketiniň syýasy gullugynyň başlygy Ismail Haniýeh hem düýn beren gürrüňlerinde Palestinanyň çydamy duşmanyň strategiýasyny bozandyr diýip nygtap geçdi.