Emir Abdullahiýan:Siriýanyň howpsyzlygy we durnuklylygy sebitiň howpsyzlygyny kepillendirýändir
https://parstoday.ir/tk/news/west_asia-i4398-emir_abdullahiýan_siriýanyň_howpsyzlygy_we_durnuklylygy_sebitiň_howpsyzlygyny_kepillendirýändir
Eýranyň mejlis başlygynyň halkara işler boýunça ýörite kömekçisi Huseýin Emir Abdullahiýan Siriýanyň syýasy durnuklylygynyň ähmiýetine yşarat edip Siriýanyň aramlygy sebitiň howpsyzlygyny we durnuklylygyny kepillendirýändir diýdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Dec 23, 2018 14:25 Asia/Ashgabat
  • Emir Abdullahiýan:Siriýanyň howpsyzlygy we durnuklylygy sebitiň howpsyzlygyny kepillendirýändir

Eýranyň mejlis başlygynyň halkara işler boýunça ýörite kömekçisi Huseýin Emir Abdullahiýan Siriýanyň syýasy durnuklylygynyň ähmiýetine yşarat edip Siriýanyň aramlygy sebitiň howpsyzlygyny we durnuklylygyny kepillendirýändir diýdi.

Houseýin Emir Abdullahiýan Tehranda Siriýanyň ilçisi Adnan Hasan Mahmut bilen geçiren duşuşygynda Siriýanyň özgerişlerini oňaýly hasaplamak bilen Siriýanyň geljegi aýdyňdyr we bu ýurdyň ilatynyň,döwletiniň we ýaragly güýçleriniň gazanan üstünlikleri täze göz ýitimi döredendir diýip nygtady.

Emir Abdullahiýan sözüniň dowamynda Amerika bilen Saud Arabystanyň sebit we Siriýa baradaky syýasatlaryny tankyt etmek bilen Riýad döwleti Sionist režiminiň taslamalaryndan arasyny açmalydyr diýip beýan etdi.

Siriýanyň Tehrandaky ilçisi Adnan Hasan Mahmut hem bu duşuşykda Damask-Tehranyň iki taraplaýyn gatnaşyklarynyň aýratynda parlament hyzmatdaşlyklarynyň ösdürilmegini isledi.