Sionist harbylaryň Iordaniýa akarynyň günbatar ýakalaryna garşy hüjümleri dowam etdi
https://parstoday.ir/tk/news/west_asia-i4458-sionist_harbylaryň_iordaniýa_akarynyň_günbatar_ýakalaryna_garşy_hüjümleri_dowam_etdi
Sionist režiminiň harbylary özleriniň duşmançylykly hereketleriniň dowamynda ýene bir gezek Iordaniýa akarynyň günbatar sebitlerine hüjüm etdiler.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Dec 31, 2018 18:56 Asia/Ashgabat
  • Sionist harbylaryň Iordaniýa akarynyň günbatar ýakalaryna garşy hüjümleri dowam etdi

Sionist režiminiň harbylary özleriniň duşmançylykly hereketleriniň dowamynda ýene bir gezek Iordaniýa akarynyň günbatar sebitlerine hüjüm etdiler.

Tasnim habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Sionist harbylary şu gün irden Ramallah we Beýtlehem şäherlerine hüjüm etmek bilen bir wagtda näbelli deliller bilen 21 Palestinany hem gola saldylar.

Sionist režimiň harbylary şeýle-de Ramallah şäheriniň demirgazygynda ýerleşen Kubar-Barham şähärjikleriniň arasyndaky ýoly bagladylar.

Sionistlar özleriniň haramy niýetlerine ýetmek üçin esassyz bahanalar bilen her günde diýen ýaly Iordaniýanyň günbatar sebitlerine hüjüm etýändirler.

Palestinanyň ýesirler işleri boýunça komitetiniň çykaran ýyllyk hasabatyna görä 2018-nji ýylyň soňuna çenli Sionist režiminiň türmelerindäki Palestinaly ýesirleriň sany takmynan 6 müňe ýetendir.bu hasabat boýunça ýesirleriň 250-si çaga,54-si zenan,27-si žurnalist we 8-si Palestinanyň parlament wekilidir.