Pompeo:DAEŞ topary ýok edilýänçe Siriýada galjakdyrys
https://parstoday.ir/tk/news/west_asia-i4617-pompeo_daeŞ_topary_ýok_edilýänçe_siriýada_galjakdyrys
Amerikanyň daşary işler ministri Mike Pompeo Fax News bilen geçiren söhbetdeşliginde Siriýadaky DAEŞ toparyň kämil ýok bolýan mahalyna çenli bu ýurtdaky Amerikaly harbylar galjakdyrlar diýdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jan 24, 2019 17:53 Asia/Ashgabat
  • Pompeo:DAEŞ topary ýok edilýänçe Siriýada galjakdyrys

Amerikanyň daşary işler ministri Mike Pompeo Fax News bilen geçiren söhbetdeşliginde Siriýadaky DAEŞ toparyň kämil ýok bolýan mahalyna çenli bu ýurtdaky Amerikaly harbylar galjakdyrlar diýdi.

Mike Pompeo bu söhbetdeşliginde Siriýadaky Amerikaly harbylaryň çykarylmagy baradaky bu ýurduň prezidenti Donald Trampyň tutumy barada gürrüň gozgap Waşington Siriýadaky harbylarynyň 2 müňsini çykarmak niýetdedir emma galan harbylar bu ýurduň ilatyny goramak üçin Siriýada galjakdyrlar diýip toslady.

Mike Pompeo bu gürrüňleri bir ýagdaýda aýtýandyr welin Siriýadaky Amerikaly harbylaryň bolmaklary bikanun hasaplanýandyr sebäbi bu güýçler Siriýa döwletiniň rugsatyny almazdan bu ýurtda ýerleşendirler.

Amerikanyň wekiller mejlisi hem geçen sişenbe güni Siriýanyň içeri işlerine goşulyp esassiz bahanalar şol sanda adam hukuk bahanasy bilen Siriýa döwletine garşy täze gadaganlyklary makullady.

Siriýada ýagdaýyň duruklaşyp barmagy bilen hemde Siriýanyň prezidenti Başar Assad döwletini ýykmak ugurdaky tagallalayň şowsyzlyga uçramagy bilen Günbatar dňwletleriniň we Sionistleriň Siriýa garşy basyşlary hem artandyr.