Nasrollah:Eýranyň Yslam Ynkylaby kuwwatlylyk bilen imperializmiň garşysynda durandyr
Liwan Hizbollasynyň baş sekretary uly şeýtan bolan Amerikanyň duşmançylyklaryna garamazdan geçen 40 ýylyň boýunda Eýran Yslam Respublikasynyň gaýym duranlygyny we sebitde uly üstünliklere sebäp bolandygyny nygtady.
Al-Menar tele kanalynyň beren habaryna görä, öten agşam Liwan Hizbollasynyň baş sekretary Siýt Hasan Nasrollah Eýranyň Yslam Ynkylabynyň gazananlaryny açyklap beren gürrüňlerinde Ymam Homeini(rh) hezretleriniň ýolbaşçylygynda yslam ynkylabynyň ýeňiş gazanmagy sebitiň ýagdaýyny üýtgedendir we erkin talaplykly hereketleri janlandyrandyr diýdi.
Siýt Hasan Nasrollah sözüniň dowamynda Yslam Ynkylabynyň ýeňiş gazanmagy Palestinanyň,çydamyň we sebitdäki çaknyşyklaryň hemde yslam ymmatynyň ykbalyna täsirli bolandyr diýip beýan etdi.
Liwan Hizbollasynyň baş sekretary şeýle-de Eýranyň yslam ynkylabyna garşy Amerikanyň bütin mekirli hereketleriniň şol sanda Saddamyň Eýrana töňkän söweşiniň şowsuzlyga uçranlygyna yşarat edip Eýran milletiniň ýolbaşçylygy we yslam düzgüni goldamaklary geçen 40 ýyllykda Eýran halkynyň üstünliginiň syrydyr diýdi.