Şamhani:Siriýada çydam toplumy daýandyrylýar
https://parstoday.ir/tk/news/west_asia-i4764-Şamhani_siriýada_çydam_toplumy_daýandyrylýar
Eýranyň milli howpsuzlyk boýunça ýokary geňeşiniň sekretary golaý geljekde Siriýada çydam toplumynyň öňüni alyş çäresini ýokarlandyrmak barada möhüm özgerişe şaýat boljakdyrys diýdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Feb 23, 2019 17:00 Asia/Ashgabat
  • Şamhani:Siriýada çydam toplumy daýandyrylýar

Eýranyň milli howpsuzlyk boýunça ýokary geňeşiniň sekretary golaý geljekde Siriýada çydam toplumynyň öňüni alyş çäresini ýokarlandyrmak barada möhüm özgerişe şaýat boljakdyrys diýdi.

şu gün Ali Şamhani Tasnim habarlar gullugy bilen geçiren söhbetdeşliginde Siriýada Sionist režiminiň hüjümlerine beriljek ähtimalleýn gaýtawul baradaky soragyň jogabynda Siriýanyň goşuny we ýaranlarmyz bilen bilelikde çäreler nazara alnandyr diýip nygtady.

Şamhani sözüniň dowamynda Ysraýyl režiminiň Siriýadaky hüjümleriniň täsiri barada beren gürrüňlerinde hem çydam toplumy Siriýadaky maksatlarynyň ýüze 90-syna ýetendir oňa görä Sionist režiminiň bozgakçylykly hüjümleriniň strategik täsiri ýokdyr diýip nygtady.

Eýranyň milli howpsuzlyk boýunça ýokary geňeşiniň sekretary şeýle-de Sionistleriň toslamalaryna garamazdan olar Siriýada maglumatlara ýetik däldir diýip sözüne goşdy.

Amerika 2019-nji ýylyň soňuna çenli Aziýanyň günbatarynyň başga sebitlerinden hem çykmaga mejbur boljakdyr Şamhani nygtap geçdi.