Al-Jafari:Amerika bileleşigi Siriýa söweşini uzaklaşdyrmagyň yzyndadyr
Birleşen Milletler Guramasyndaky Siriýanyň hemişelik wekili Başar Al-Jafari Amerika başlyklaýyn hamala DAEŞ-e garşy bileleşiginiň maksady Siriýada urşy uzaklaşdyrmakdyr diýip nygtady.
Irna habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Başar Al-Jafari Birleşen Milletler Guramanyň howpsuzlyk geňeşinde Siriýa barada geçirilen maslahatda eden çykyşynda Amerika başlyklaýyn bileleşiginiň giň gerimde Siriýanyň düýp gurluşyklary dargadandyklaryny aýdyp Amerika bileleşiginiň bu hereketlerden yzarlaýan asly maksadynyň terrorçylary kuwwatlandyrmakdygyny beýan etdi.
Birleşen Milletler Guramasyndaky Siriýanyň hemişelik wekili Başar Al-Jafari şeýle-de Amerika bileleşiginiň Siriýa garşy amala aşyran hüjümlerinde Siriýa ilatynyň müňlerçesiniň aradan çykanlygyny yglan etdi.
Al-Jafari sözüniň dowamynda Amerika bileleşiginiň Siriýa garşy hüjümleriniň dowam etmegini Birleşen Milletler Guramanyň howpsuzlyk geňeşiniň biparh bolmagynyň netijesi hasaplap terrorizme garşy garşy göreşmek baradaky Günbatarlylaryň toslamalaryny uly ýalan yglan etdi.