Adam hukuk guramalary Arabystany tankyt etdiler
halkara we adam hukuk guramalarynyň birnäçesi şol sanda adam hukuk gözegçi guramasy we halkara günä geçiş guramasy Arabystanda adam hukukynyň bozulmagy barada howatyrlanma bildirdiler.
bu guramalar adam hukuk aktiwistlerini suda çekmek baradaky Arabystanyň hereketini ýazgardylar.
adam hukuk gözegçi guramasynyň ortagündogar bölüminiň başlygynyň orunbasary Maýkel Page bir beýannama boýunça Riaz döwleti gynag baradaky howply hasabatlar hakynda derňew işleri geçiren däldir diýip yglan etdi.
halkara günää geçiş guramasy hem adam hukuk aktiwistleriň şol sanda zenanlaryň hukukyndan arka çykýan aktiwistleriň suda çekilmekleriniň yzygelimleri barada duýduryş berdi.
Nýuýork taýmz gazeti Arabystanly bir lukmanyň Al Saud režimiň türmelerinde gynalanlygyny we günäsiniň nämedigini aýtmazdan uzak möhletläp türmä basylanlygyny habar berdi.