Moskwa:terrorçylar Idlibe garşy himiki hüjüme taýýarlyk görýärler
Orsýetiň Birleşen Milletler Guramasyndaky hemişelik wekili Wasily Nebenzya terrorçy Jabhat Al-Nusra toparynyň Siriýanyň günbatarynda ýerleşen Idlipde özini täze himiki hüjüme taýýarlaýanlygy barada duýduryş berdi.
Siriýanyň resmi habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Wasily Nebenzya düýn Siriýanyň syýasy özgerişleri we ynsanlyk ýagdaýy barada Birleşen Milletler Guramanyň howpsuzlyk geňeşinde geçirilen maslahatda eden çykyşnda Idlibiň ýagdaýynyň erbetdigine yşarat edip bu barada parhsyz oturyp bolmajakdygyny nygtady.
terrorçy Jabhat Al-Nusra topary yzygiderli Siriýa goşunynyň pozisiýalaryny we parahat ilaty hüjüm astyna alýandyrlar we sebit ýurtlaryna uly wahym hasaplanýandyrlar diýip Orsýetiň Birleşen Milletler Guramasyndaky hemişelik wekili sözüne goşdy.
Nebenzya şeýle-de Amerikaly harbylaryň awaralaryň çykmaklaryna rugsat bermezligi üçin Rukban lagerindäki Siriýaly awaralaryň ýagdaýlarynyň ýowuzdygyny yglan etdi.