Nebenzýa:Eýran bilen Orsýetden başga ähli ýurtlar Siriýadan çykmalydyrlar
https://parstoday.ir/tk/news/west_asia-i5022-nebenzýa_eýran_bilen_orsýetden_başga_ähli_ýurtlar_siriýadan_çykmalydyrlar
Orsýetiň Birleşen Milletler Guramasyndaky hemişelik wekili Wasily Nebenzýa diňe Eýran bilen Orsýetiň Siriýadaky huzurlaryny kanuny bilmek bilen beýleki ýurtlaryň Siriýada bolmaklary kanuny däldir oňa görä olar herne basym Siriýanyň topragyndan çykmalydyrlar diýip yglan etdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Apr 12, 2019 17:45 Asia/Ashgabat
  • Nebenzýa:Eýran bilen Orsýetden başga ähli ýurtlar Siriýadan çykmalydyrlar

Orsýetiň Birleşen Milletler Guramasyndaky hemişelik wekili Wasily Nebenzýa diňe Eýran bilen Orsýetiň Siriýadaky huzurlaryny kanuny bilmek bilen beýleki ýurtlaryň Siriýada bolmaklary kanuny däldir oňa görä olar herne basym Siriýanyň topragyndan çykmalydyrlar diýip yglan etdi.

Eýran bilen Orsýet Siriýada terrorçylara garşy göreşmek üçin bu ýurduň kanuny döwletiniň islegi boýunça Siriýada huzurly bolandyrlar diýip Nebenzýa Al-Şark Al-Osat gazeti bilen geçiren söhbetdeşliginde aýtdy.

ol Siriýanyň köp ýerlerinde DAEŞ terrorçylarynyň ýeňilmeklerine yşarat edip elbet-de heniz Siriýanyň kä ýerlerinde terrorçylaryň howpy bardyr şol sanda bu ýurduň demirgazygynda ýerleşen Idlib welaýatynda Al-nosra toparyň terrorçylary huzurlydyr diýip belläp geçdi.