Başar Assad:Amerikanyň ýalňyş syýasatlary günbatar Aziýanyň durnuksyzlygynyň sebäpkäridir
https://parstoday.ir/tk/news/west_asia-i5062-başar_assad_amerikanyň_ýalňyş_syýasatlary_günbatar_aziýanyň_durnuksyzlygynyň_sebäpkäridir
Siriýanyň prezdenti Başar Assad günbatar Aziýada Amerikanyň huzurly bolmagy hemde sebit ýurtlarynyň içeri işlerine goşulmagy bu sebitiň durnuksyzlygynyň asly sebäpkäridir diýdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Apr 16, 2019 17:26 Asia/Ashgabat
  • Başar Assad:Amerikanyň ýalňyş syýasatlary günbatar Aziýanyň durnuksyzlygynyň sebäpkäridir

Siriýanyň prezdenti Başar Assad günbatar Aziýada Amerikanyň huzurly bolmagy hemde sebit ýurtlarynyň içeri işlerine goşulmagy bu sebitiň durnuksyzlygynyň asly sebäpkäridir diýdi.

şu gün Siriýanyň döwlet baştutany Başar Assad Damaskda Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarifiň duşuşygynda  Amerikanyň yslam ynkylabynyň sepah pasdaran güýjine garşy ýola beren jogapkärçiliksiz tutumyny ýazgaryp Amerika we günbatarly ýaranlarynyň alyp barýan işleri we syýasatlary Eýran,Siriýa we ýaranlarynyň öz milletleriniň bähbitlerinden we hak hukuklaryndan göz ýummaga sebäp bolup başarmaz diýdi.

Eýran yslam respublikasynyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif hem Siriýanyň basylyp alynan Gallant beýiklikleri baradaky Amerikanyň tutumyny ýazgaryp bu tutum basyp alynan Kudus hem-de pasdarlar sepahyň tersine Waşingtonyň edýän işlerinden aýry däldir diýmek bilen bularyň hemmesi sebitde Amerikanyň paltasynyň daşa degendigini we alyp barýan syýasatlarynyň şowsuzlyga uçranlygyny mälim edýändir diýdi.

Zarif Siriýa saparynda bu ýurduň daşary işler ministri hem-de premýer ministri bilen hem duşuşdy.

Eýran yslam respublikasynyň daşary işler ministri Siriýa saparyny tamamlandan soňra Türkiýe ýurduna sapar edýär.