Nasrallah:çydam toplumy her zamandan kuwwatlyrakdyr
https://parstoday.ir/tk/news/west_asia-i5557-nasrallah_çydam_toplumy_her_zamandan_kuwwatlyrakdyr
Liwanyň hizbollah hereketiniň baş sekretary öten agşam bu ýurduň Al-Minar tele kanaly bilen geçiren söhbetdeşliginde gadaganlyklara we döredilen çäkliklere garamazdan çydam toplumy günme gün kuwwatlanyp ösüp öňe barýandyr diýdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jul 13, 2019 12:16 Asia/Ashgabat
  • Nasrallah:çydam toplumy her zamandan kuwwatlyrakdyr

Liwanyň hizbollah hereketiniň baş sekretary öten agşam bu ýurduň Al-Minar tele kanaly bilen geçiren söhbetdeşliginde gadaganlyklara we döredilen çäkliklere garamazdan çydam toplumy günme gün kuwwatlanyp ösüp öňe barýandyr diýdi.

Liwanyň hizbollah hereketiniň baş sekretary Seýed Hasan Nasrallah çydam toplumynyň ähli ugurlarda şol sanda bilim,harby öwrediş we magnawy urilerde gaty ösendigine yşarat edip bu günki gün duşmanlar her zamandan köpräk çydamdan gorkýandyrlar diýdi.

Seýed Hasan Nasrallah  çydamyň raketa başarnygyna salgylanyp çydam özüniň raketalary bilen Ysraýyl režimini ýok edip dargadyp biljekdir diýip beýan etdi.

Liwanyň hizbollah hereketiniň baş sekretary Seýed Hasan Nasrallah sözüniň dowamynda Palestina meselesine we Amerikanyň asryň söwdasy atly taslamasyna yşarat edip Amerikanyň bu sionistik taslamasynyň amala aşmajakdygyny nygtady.

ol şeýle-de Siriýa dartgynlylygy barada gürrüň gozgap dartgynlylyga uçran Siriýa durmuşda iň gowy şertdedir diýdi.

Hasan Nasrallah şeýle-de Amerikanyň Eýrana garşy ýola berýan ykdysady basyşlaryna we gadaganlyklaryna yşarat edip Eýranlylar hergiz bu basyşlaryň netijesinde Amerika boýun bolmazlar diýdi.