BMG:Ysraýylyň şäherçe salmak işleri kanuna garşydyr
Birleşen Milletler Guramanyň Aziýanyň günbatar işleri boýunça utgaşdyryjysy öten agşam bir beýannama boýunça Palestina ülkelerinde Sionist režiminiň şäherçe gurmak işlerini bikanun hasaplady.
Birleşen Milletler Guramanyň Aziýanyň günbatar işleri boýunça utgaşdyryjysy Nikolaý Mladinow Sionist režimiň Iordaniýa akarynyň günbatar ýakalarynda täzeden 2400 ýaşaýyş jaýy salmak baradaky taslamasyna yşarat etmek bilen Palestina oturymly sebitlerde Sionist režiminiň şäherçe gurmak işleri halkara kanunlaryň gödek bozulmagy manysyndadyr diýdi.
habar çeşmeleri geçen sişenbe güni Sionist režiminiň howpsuzlyk kabinetiniň Iordaniýanyň günbatar ýakalarynda Sionistler üçin täzeden 2400 ýaşaýyş jaýyň salynmagy bilen ylalaşandygyny habar berdiler.
Sionist režimi mydama halkara köpçüliginiň isleglerine üns bermezden we Amerikanyň hemaýaty bilen özüniň şäherçe salmak işlerini dowam edýändir.
halkara kanunlar esasynda bu gurulan şäherçeleriň hemmesi bikanundyrlar.Sionist režimi şäherçe gurmak bilen Palestinanyň geografiýa gurumyny üýtgetmegiň yzyndadyr.