Amir Abdullahiýan: Siriýany bölmek baradaky terrorizm plany şowsyzlyga yçrady
Eýranyň mejlis başlygynyň halkara işler boýunça ýörite kömekçisi Husein Ami Abdullahiýan Siriýanyň bölünmegi baradaky plan ýeňildi we başar Assad ilatyň arkadaşlygy bilen Siriýanyň prezidenti bolup galdy diýdi.
Eýranyň mejlis başlygynyň halkara işler boýunça ýörite kömekçisi Husein Ami Abdullahiýan, Siriýanyň Han Şeýhun sebitiniň bütinleý terrorçylardan arassalanmagy, Siriýanyň ilatyna, goşunyna we ýolbaşçysyna gutly bolsun diýip twitter sahypasynda ýazdy.
Eýranyň mejlis başlygynyň halkara işler boýunça ýörite kömekçisi Husein Ami Abdullahiýan şeýle-de ýakynlykda Idlib hem Siriýa öwrüljekdir , indi awaralar ýurda dolanýarlar we Siriýalylaryň arasynda gepleşik geçirilýär diýip nygtady.
Siriýaly habar çeşmeler, bu ýurdyň goşun güýçleriniň, Idlib welaýatyndaky Han Şeýhun şäheriniň käbir sebitlerinde ýerleşmegi bilen bir wagtda terrorçylar bu şäherden şeýle-de hamah welaýatyň demirgazygyndaky şäherçelerden çykandyrlar diýip yglan etdiler.