Ysmaýyl Haniýe Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysyndan gadyrdanlyk etdi
Palestinanyň yslam Jihad hereketiniň syýasy gullugynyň başlygy Ysmaýyl Haniýe yslam ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Aýatolla Hameneýi hezretlerine ýollan hatynda ol hezretiň baýak Hemas hereketiniň bir toparyny kabul eden mahaly beren gürrüňlerinden gadyrdanlyk etdi.
Palestinanyň yslam Jihad hereketi ýa-da şol Hemas hereketi dünýäniň azada we adalat söýer güýçleriniň we olaryň başynda hem Eýran Yslam Respublikasynyň ýanynda bolup Sionist režimiň garşysynda soňky üstünlige elgerýänçe özüniň göreşlerine dowam eder diýip Ysmaýyl Haniýe özüniň ýaňky hatynda nygtandyr.
Hemas hereketiniň syýasy gullugynyň orunbasary Salyh Al-Arury Iýul aýynyň 22-synda bir topara baştutanlyk edip Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Aýatolla Hameneýi hezretleriň didaryna barandyr.