Palestinanyň daşary işler ministri sionist režimine garşy gadaganlyklaryň amala aşyrylmagyny isledi
(last modified Thu, 12 Sep 2019 15:07:57 GMT )
Sep 12, 2019 20:07 Asia/Ashgabat
  • Palestinanyň daşary işler ministri sionist režimine garşy gadaganlyklaryň amala aşyrylmagyny isledi

Palestinanyň daşary işler ministri Riaz Almaleki , sionist režimiň premýer ministri Benýamin Netanýahunyň Iordaiýa Akarynynyň Günbatar kenarynyň käbir bölümlerini basybalynan ülkelere goşmak baradaky erbet niýetini aýdanlygy babatly Birleşen Milletler Guramanyň howpsuzlyk geňeşiniň sinist režimini gadaganlyklara salmagyny isledi.

IRNA habarlar gullugynyň beren habaryna görä Riaz Almaleki öten agşam Ramolla şäherinde Lýukzamburgiň daşary işler ministri Jon Aselborn bilen geçiren duşuşygynda beren gürrüňlerinde kenesset saýlawlardan haýyrlanmak üçin Palestinanyň basybalynan ýerlerinde şäherçeleriň ösdürilmekleri we Palestina ýerleriniň jöhitledirilmegi, howpsuzlyk geňeşiň rezolýusyýalaryna äşgärleýin bihormatçylyk edilmegidir diýdi.

Palestinanyň daşary işler ministri şeýle-de Ysraýylyň tarapyndan halkara kanunlaryň bozulmaklarynyň ýatyrylmagy üçin howpsyzlyk geňeşi bilen Ýewropa bileleşiginiň çalt hereket etmeklerini isledi.