Seýed Hasan Nasrollah:Al-Saud režiminiň ömri soňlap barýar
https://parstoday.ir/tk/news/west_asia-i6020-seýed_hasan_nasrollah_al_saud_režiminiň_ömri_soňlap_barýar
Liwanyň Hizbollah hereketiniň baş sekretary düýn beren gürrüňlerinde sebitde Al-Saud režiminiň baş goşýan zalymlykly işlerine we şowsuzlyklaryna yşarat edip indi bu režimiň ömri soňlap barýandyr diýdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Sep 23, 2019 12:08 Asia/Ashgabat
  • Seýed Hasan Nasrollah:Al-Saud režiminiň ömri soňlap barýar

Liwanyň Hizbollah hereketiniň baş sekretary düýn beren gürrüňlerinde sebitde Al-Saud režiminiň baş goşýan zalymlykly işlerine we şowsuzlyklaryna yşarat edip indi bu režimiň ömri soňlap barýandyr diýdi.

Fars habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Liwanyň Hizbollah hereketiniň baş sekretary Seýed Hasan Nasrollah Aýatollah Hameneýi hezretleriň eserlerini neşir edýän gullugy bilen geçiren söhbetdeşliginde Arabystanyň Palestinalylara garşy ileri sürýän pozissiýalary,bu režimiň Amerikanyň asryň söwdasy atly taslamasyny goldamagy hem-de Trampyň garşysynda har we ejiz bolmagy mundan ozal özlerini garaşsyz we azada tanatýan Saud häkimleriniň dogry sözleýänligini we ulylygyny sorag astyna alýandyr diýdi.

Hasan Nasrollah şeýle-de Arabystanyň Eýrana garşy duşmançylyk etmegine yşarat edip bu duşmançylygyň aňyrsy Eýran Yslam Respublikasynyň çydam toplumyny we Palestinalylary goldamagyna dolanýandyr diýip sözlerine goşdy.