Zarif:halkara köpçüligi Siriýa garşy Sionist režiminiň hüjümleriniň öňüni almalydyr
Eýranyň daşary işler ministri Siriýanyň toprak bitewiligine ähli döwletleriň hormat goýmaklarynyň zerurlygyny nygtamak bilen halkara köpçüliginden Sionist režiminiň Siriýa garşy el-gatyjylyklaryny soňlatmak üçin bu režime basyş bermegini talap etdi.
öten agşam Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif Nýu-Ýorkda Birleşen Milletler Guramanyň jaýynda Siriýanyň dartgynlylygy barada Ýewropa Bileleşiginiň ýokary derejeli jogapkärleriniň gatnaşmaklarynda geçirilen maslahatda beren gürrüňlerinde Sionist režimiň Siriýa garşy hüjümleriniň bu ýurdyň ýagdaýyny çylşyrymlaşdyrandygyna yşarat edip Siriýa döwletinden rugsatsyz bu ýurduň topragynda huzurly bolýan ähli keseki güýçler Siriýadan çykmalydyrlar diýip beýan etdi.
Zarif şeýle-de Siriýanyň Gallant beýikliklerine Sionist režiminiň eýeçiligi barada Amerikanyň ykrar etmegini bikanun hasaplap Gallant sebiti Siriýanyň özülmez topragydyr diýdi.
Eýranyň garaýyşyndan Siriýanyň dartgynlylygy bu ýurduň ýolbaşçylyk edmeginde we Birleşen Milletler Guramanyň kömek bermegi bilen diňe bir syýasy ýoldan çözüler diýip Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif sözlerine goşdy.