Nasrollah:Arap düzgünleri yslam ymmatynyň kynçylyklarynyň jogapkärleridirler
Liwanyň Hizbollah hereketiniň baş sekretary öz wezipelerinde we jogapkärçiliklerinde tapylmaýan arap ýurtlary bu günki gün yslam ymmatynyň ýaka towlaşyp duran kynçylyklarynyň we sebitde Sionist režiminiň galmagynyň sebäpkäri bildi.
Kudus habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Liwanyň Hizbollah hereketiniň baş sekretary Seýed Hasan Nasrollah öten agşam Beýrutyň günortasynda beren gürrüňlerinde arap düzgünleri we pars aýlagynyň ýakasynda ýerleşen ýurtlary bu günki gün sebitiň we yslam ymmatynyň duş bolup duran kynçylyklarynyň jogapkärleridirler diýdi.
Seýed Hasan Nasrollah şeýle-de öz wezipelerinde tapylyp sebitde terrorçy DAEŞ-yň taslamasyny şowsuzlyga uçradan çydam toplumyndan hem gadyrdanlyk etdi.