Gier Pedersen:Siriýanyň toprak bitewiligine hormat goýulmalydyr
https://parstoday.ir/tk/news/west_asia-i6055-gier_pedersen_siriýanyň_toprak_bitewiligine_hormat_goýulmalydyr
Birleşen Milletler Guramanyň Siriýa işleri boýunça ýörite wekili Gier Pedersen bu ýurdyň häkimiýet hakyna we toprak bitewiligine hormat goýulmagynyň zerurlygyny nygtady.
(last modified 2021-12-27T10:31:41+00:00 )
Sep 29, 2019 17:05 Asia/Ashgabat
  • Gier Pedersen:Siriýanyň toprak bitewiligine hormat goýulmalydyr

Birleşen Milletler Guramanyň Siriýa işleri boýunça ýörite wekili Gier Pedersen bu ýurdyň häkimiýet hakyna we toprak bitewiligine hormat goýulmagynyň zerurlygyny nygtady.

Birleşen Milletler Guramanyň Siriýa işleri boýunça ýörite wekili Gier PedersenIrna habarlar gullugy bilen geçiren ýörite söhbetdeşliginde Sionist režimiň Siriýa garşy ýola berýän hüjümleri barada Birleşen Milletler Guramanyň garaýyşy hakda berilen soragyň jogabynda,aýdyp geçişim ýaly Siriýanyň dartgynlylygynyň ýekeje çykalgasy bu ýurdyň häkimiýet hakyna we toprak bitewiligine hormat goýmakdyr diýdi.

Pedersen şeýle-de Siriýada 5 goşunyň we daşary ýurtly harby toparyň huzurly bolmaklaryny sebitiň howpsuzlygyna we halkara ýaraşyga wehim hasaplamak bilen biz ähli meseleleri çözmek üçin Siriýanyň dartgynlylygyna syýasy çärä mätäçdiris diýip yglan etdi.

Siriýadaky terrorçylaryň asly hemaýatçylarynyň birisi bolýan Sionist režimi dürli bahanalar bilen Siriýa goşunynyň pozisiýalaryny we bu ýurdyň düýp gurluşyklaryny raketa we harby uçarlar bilen hüjüm astyna alýandyr.