Siriýa Dumada ýola berilen himiki hüjüm barada hakykatyň derňelmegini isledi
https://parstoday.ir/tk/news/west_asia-i6448-siriýa_dumada_ýola_berilen_himiki_hüjüm_barada_hakykatyň_derňelmegini_isledi
himiki ýaraglary gadagan edýän guramadaky Siriýanyň mydamlyk wekili Basam Sabbag düýn bu guramadan Siriýanyň Duma sebitinde ýola berilen himiki hüjüm barada hakykatyň derňelmegini talap etdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Nov 30, 2019 13:49 Asia/Ashgabat
  • Siriýa Dumada ýola berilen himiki hüjüm barada hakykatyň derňelmegini isledi

himiki ýaraglary gadagan edýän guramadaky Siriýanyň mydamlyk wekili Basam Sabbag düýn bu guramadan Siriýanyň Duma sebitinde ýola berilen himiki hüjüm barada hakykatyň derňelmegini talap etdi.

Basam Sabbag Duma sebitinde ýüze çykan himiki hüjüm barada toplanan hasabatda hakykatyň çöwre görkezilmeginden howatyrlanma bildirip Amerika,Fransiýa we Britaniýa döwletleri bu hasabaty bahanalap Siriýa ýurduna hüjüm etdiler diýip yglan etdi.

Sabbag himiki ýaraglary gadagan edýän guramadan ýaňky hasabaty taýýarlan adamlaryň şaýatlyklaryny diňlemek üçin ýörite maslahaty gurnamagyny isledi.

ýaňky hasabatda 2018-nji ýylyň Aprel aýynda Siriýanyň Duma sebitinde Kolor gazy bilen hüjüme geçilmeginden gürrüň bolandyr.

Amerika,Fransiýa we Britaniýa döwletleri şol ýylyň Aprel aýynyň 14-nji gününde Duma sebitinde himiki hüjümiň ýola goýulmagyny toslap bir ýüzden eýräk raketa bilen Siriýanyň dürli sebitlerini hüjüm astyna aldylar.

bu hüjüm Gündogar Guta sebitiniň terrorçylardan kämil azat bolmagy bilen bir wagtda ýola berilendir.