Rus harbylar Siriýanyň Ragga şäherine bardylar
Siriýanyň demokratik Kürt güýçleri bilen Orsýetiň arasynda ele gelen ylalaşyk esasynda Rus güýçleri Siriýanyň demirgazygynda ýerleşen Ragga şäherine girdiler.
Terrorçy DAEŞ toparynyň adamlarynyň Raggadan çykmaklaryndan soň şu gün Rus harbylary 5 maşyn bilen Ragga şäherine girdiler.Rus harbylarynyň Ragga şäherine girmekleri Siriýanyň demokratik Kürt güýçleriniň gözegçilik etmeklerinde ýerine ýetendir.
Siriýanyň demokratik Kürt güýçleriniň serkerdesi Mazlum Abdyň aýtmagyna görä,Orsýet bilen ýetilen ylalaşyk esasynda şeýle-de Rus güýçleri Siriýanyň demirgazyk gündogarynda ýerleşen Amude,Tel-Tamar we Ein-Isa sebitlerinde huzurly boljakdyrlar.
Siriýanyň demirgazygynda demokratik Kürt güýçleri bilen Türkiýäniň arasyndaky igenşikleriň azaldylmagy ugurnynda Rus güýçleriň bu sebitlerde huzurly bolmaklary barada Orsýet bilen Türkiýäniň prezidentleri geçen Oktýabr aýynyň 22-synda Orsýetiň Soçi şäherinde 10 maddaly bir ylalaşyga gol çekendirler.