Moskwa:Siriýadaky rus harbylaryň sanyny artdyrmakçy däldiris
Orsýetiň ýaragly güýçleriniň ýokary ştabynyň başlygy general Walery Gerasimow häzirki ýagdaýda Orsýet özüniň Siriýadaky harbylarynyň sanyny artdyrmakçy däldir diýip yglan etdi.
Sputnik habarlar gullugynyň beren habaryna görä,durmuşda Orsýetiň Siriýadaky harbylarynyň sany terrorizme garşy göreşde Siriýanyň goşun güýçlerine ýardym etmekde ýeterlikdir şonuň üçin Tartus we Hamimim harby bazalaryndaky rus harbylaryň sany artdyrylmaz diýip Orsýetiň ýaragly güýçleriniň ýokary ştabynyň başlygy general Walery Gerasimow aýtdy.
Orsýet terrorizme garşy göreşmekde Damask döwletini goldamak maksady bilen bu ýurduň resmi islegi esasynda özüniň harbylaryny 2015-nji ýylyň Sentýabrynda Siriýa ýurduna ýollandyr.