halkara jezalandyryş sudy Sionist režimiň jenaýatlaryna garamak barada tutum tutdy
Sionist režimiň Palestinalylara garşy etýän kanuny bolmaýan işleri we jenaýatlary ençeme gaýtar adam hukuk we halkara edaralaryň tarapyndan ýazgarlandyrlar.
Bu jenaýatlaryň köpelmeklerine üns berilmegi bilen indi uruş jenaýatlara ýetişiklik edilmeginde jogapkär bolýan halk ara edara bu meselä ýetişiklik etmekçi bolýandyr.Şu ugurda halk ara jezalandyryş sudyň baş garalawçysy Fato Bensuda Sionist režimiň Palestina ýerlerindäki uruş jenaýatlary barada barlag etmekçi digini yglan edendir.Bnesuda geçen anna güni beren gürrüňlerinde Sionist režimiň Gaza zolagy bilen gün batar kenarda eden uruş jenaýatlary barada barlag etmegi ugurunda halk ara jezalandyryş sudyň tagalla etýän digini habar berip , gün batar kenar bilen gün dogar Kudusda uruş jenaýatlary bolandyr . Halk ara jezalandyryş sudyň bu meselä girişmegi Palestina dolanşygynyň 5 ýyllap isleg bildirmeginiň netijesidir diýdi. Palestinalylar , halk ara jezalandyryş sudyň bu tutumyny garşy alandyrlar. Sionist režimi soňky bir näçe ýylda ak tamyň hemaýaty astynda Palestinalylara etýän jenaýatlaryny ylaýtada Gaza zolagynda artdyrandyr. Köp jemgyýeti bolýan Gaza sebiti 2006-njy ýyldan bäri gury ýerden howadan we deňizden Sionist režimi arkaly gabaýandyr we onyň ýaşaýjylary köp kynçylyklar bilen ýaka towlaşýandyrlar. Sionist režimiň Gaza zolagyna eden hüjümlerinde ylaýtada 2008-nji we 2012-nji ýyllarda eden hüjümlerinde şeýlede Palestinaly awaralaryň öz ülkelerine dolanmakda hakly bolýandyklary barada Palestinalylaryň geçirýän ýol ýörüşlikleriniň boýunda olara edilen hüjümlerde şu wagta çenli Palestinalylaryň müňlerçesi şehit ýa da ýaraly bolandyrlar. Bu mesele dünýä örisinde ýaýbaň arzalara sebäp bolandyr we Sionist režime çaga öldürýän režim diýlen lakamy berilendir.BMG-niň adam hukuk şorasy Sionist režimiň Palestinalylaryň hak hukuklaryny gödek bozýanlygy babatly ençeme gaýtar bu režimi ýazgarandyr. Emma Amerika bu režime äşgär hemaýatlary berip onyň etýän bütin jenaýatlarynyň garşysynda gözlerini ýumup Sionist režimiň bir demokratik dygyny we adam hukukyna hemaýat berýänligini toslandyr. Bu zat Waşingtonyň hiç bir şertsiz Sionist režimine hemaýat bermek ugurunda aýtýan iň uly ýalan gürrüňleriniň birisidir. Indi halk ara jezalandyryş sudyň Sionist režimiň eden jenaýatlary hakda derňew etjekdigini yglan etmegi bu režimiň ýokary derejeli resmileriniň alada bildirip gaýtawul bermeklerine sebäp bolandyr.Sionist režimiň premýer ministri Benýamin Netanýahu halk ara jezalandyryş sudyň Palestina sebiltlerinde barlag etmege haky ýokdyr , şeýle barlaglaryň edilmegi , Tel Awiwa garşy syýasy abzala ewriljekdir diýdi. Özini dünýäň üstüm rolynda görýän Amerika Sionist režimiň adamkärçilikden daş bolýan işlerine hemaýat bermeginde her bir işi edip bilýändigine pikir etýändir. Şu ýerlikde hem Waşington Sionist režimiň bähbidine gaýtawul berendir.Amerikanyň daşary işler ministri Maýk Pompeo Sionist režimi halk ara jezalandyryş sudyň agzasy däldir , biz Ysraýyly adalatsyz maksat edinýän şeýle bi kanun barlaglara garşydyrys diýip tweeter sahypasynda ýazandyr. Tramp döwletiniň Sionist režimine hemaýat bermegi bilende emma Sionist režimiň adamkärçilikden daş bolýan bi kanun işlerine dünýä örisinde görkezilýän garşylyklar , şol sanda Sionist režimiň jenaýatlaryna ýetişiklik etmek ugurunda halk ara jezalandyryş sudyň tutum tutmagy , Sionist režimi bilen onyň hemaýatçysy Amerikanyň gün saýyn köpräk çetleşýändiklerini görkezýändirler, şeýle ýagdaýda halk ara jezalandyryş sudaň Sionistleriň jenaýatlary barada barlag işlerini başlamagy bilen , Waşingtonyň şol barlaglary togtadylmagyna we halk ara jezalandyryş suda ylaýtada bu sudyň baş garalawçysy Fato Bensuda agram bermegi ugurunda dürli abzallardan haýyrlanmagyna garaşylýandyr.