Yragyň al-Haşad al-Şaabi güýçlerine Amerika hüjüm etdi
Yragyň media serişdeleri Amerikanyň uruş uçarlarynyň şu gün daňdan Yragyň Selahaddin, Babel,Basra,Karbala we Waset welaýatlaryndaky al-Haşad al-Şaabi güýçleriniň pozisiýalaryna hüjüm edendiklerini habar berdiler.
IRNA habarlar gullugynyň Yrakly media serişdelere salgylanyp beren habaryna görä,Amerikanyň harby uçarlary ýola beren bu hüjümlerinden soň giňden Yragyň asmanynda uçup başlandyrlar.
Amerikanyň goranmak ministrligi PENTAGOM hem bu ýurdyň harby uçarlarynyň Yragyň dürli sebitlerinde al-Haşad al-Şaabi güýçleriniň pozisiýalaryna hüjüm edendiklerini makullap Amerikanyň harby uçarlary al-Haşad al-Şaabi güýçlerine bagly bolýan Yragyň Hizbolla gordanlarynyň 5 sany bazasyny hüjüm astyna alandyr diýip yglan etdi.
Reuters habarlar gullugynyň hem Amerikanyň iki resmisine salgylanyp beren habaryna görä,Amerikanyň bu howa hüjümi geçen çarşenbe güni Yrakda daşary ýurtly harbylaryň ýerleşen mekany bolan Al-Täji harby bazasyna edilen raketa hüjümiň jogabydyr.
geçen çarşenbe agşamy Bagdadyň demirgazygynda ýerleşen Silahaddin welaýatyndaky Al-Täji bazasyna edilen hüjümde 4 Amerikaly we Britaniýaly harby öldi we 26 harby ýaraly boldy.
Yragyň halyk güýçleri ýada şol al-Haşad al-Şaabi guramasy bu hüjümde eliniň ýoklygyny yglan eden bolsada emma Amerika döwleti derrew bu guramany bu hüjümiň jogapkäri tanatdy..Yragyň goşuny we bu ýurduň dürli şahsyýetleri Amerikanyň bu hüjümini ýazgardylar.
.