Nasrolla:Amerika koronawirusy bilen garşylaşmakda ukypsyzdyr
Liwanyň hizbolla hereketiniň baş sekretary öten agşam beren gürrüňlerinde koronawirusyna garşy göreşmegiň uzaga çekjekdigine yşarat etmek bilen bu wirus bilen garşylaşmakda Amerika döwletiniň ukypsyzdygyny aýtdy.
FARS habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Liwanyň hizbolla hereketiniň baş sekretary Seýed Hasan Nasrolla koronawirusynyň dünýäde ýaýramagy we bu kesel hem-de onuň global netijeleri barada beren gürrüňlerinde korona dartgynlylygyndan soňky dünýäsi täze dünýä tertibini getirip biler diýdi.
Liwanyň hizbolla hereketiniň baş sekretary şeýle-de koronawirusynyň ýaýramagynyň täsirleriniň birinji we ikinji jahan uruşlaryndan has ýokarrakdadygyna yşarat edip Amerika ýaly iri döwletler korona garşy göreşi ejizlik we baş çaşgynlyk bilen yzarlaýandyrlar diýip beýan etdi.
Seýed Hasan Nasrolla hemmeleri dünýädäki häzirki wakalardan sapak almaklyga çagyrmak bilen durmuşda hemme taraplar ortak duşman höküminde koronawirusyna üns bermelidirler diýdi.
ol şeýle-de dünýäde korona keseliniň ýaýrap duran mahaly Saud Arabystanyň Ýemene garşy hüjümleriniň dowam edýändigine yşarat edip Dünýä Ýemendäki söweşi togtatmaly diýip gygyrmalydyr diýdi.