Haniýa:Palestinany bölüp bolmaz
Palestinanyň yslam çydam hereketiniň syýasy gullugynyň başlygy Ysmaýyl Haniýa Palestinanyň bir garyş topragyny hem bölüp ýada parçalap bolmaz diýdi.
IRNA habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Hemas hereketiniň ýada şol Palestinanyň yslam çydam hereketiniň syýasy gullugynyň başlygy Ysmaýyl Haniýa öten agşam Palestinada toprak gününiň 44-nji ýyllygy mynasybetli çykaran beýannamasynda toprak gününiň gadyrlanmagy Amerikanyň Asryň Söwdasy diýen taslamanyň we Sionist režimiň basyp alyjylygyna kanuny şekil bermekde edilýän tagallalaryň netijesizdigini we Palestinanyň boýdan başynda çydamyň dowamlydygyny görkezýändir diýip yglan etdi.
Ysmaýyl Haniýe 1948-nji ýylda basyp alnan ýerlerde ýa-da Kuds bilen Iordaniýa derýasynyň günbatar kenarynda ýaşaýan palestinalylaryň arasynda hiç hili tapawudyň ýokdugyny aýtmak bilen Palestina bolsa bir döwletdigini aýtdy.
Sionist režimi 1967-nji ýylyň Mart aýynyň 29-nji güni Günbatar kenarda Palestinalylaryň müňlerçe gektar ýerini basyp aldy bu wakanyň yzy bilen Palestinalylar şol ýylyň Mart aýynyň 30-nda Sionist harbylar bilen çaknyşdylar netijede Palestinalylardan 6 adam ölüp ýüzlerçe adam hem ýaralandylar.
şondan soň Palestinalylar şeýle bir güni toprak güni höküminde gadyrlaýandyrlar.