UNISEF: Ýemende bäş million çaganyň jany howp astyndadyr
Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasy (UNISEF) bäş milliondan gowrak Ýemenli çaga Koronanyň ýaýrap duran mahaly güýçli ýagyş sebäpli kolera we ýiti içgeçme howpunyň bardygyny yglan etdi.
UNISEF-iň resmi web sahypasynyň çarşenbe güni beren habaryna görä, aprel aýynyň ortalaryndan bäri Ýemende güýçli ýagyş ýagýandygy sebäpli Ýemende bäş ýaşa çenli 5 milliondan gowrak çaga kolera we ýiti içgeçme howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýar.
Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasy ýanwar aýyndan bäri Ýemeniň 331 sebitiniň 290-synda 110,000-den gowrak kolera keseli ýüze çykandygyna yşarat edip bu sandan 5 ýaşa çenli çagalar dörtden birini ybaratlaýarlar diýip yglan etdi.
Halkara Gyzyl Haç Komiteti (HGHK) hem twitterde 17 million ýemenliniň koronawirus epidemiýasyna garşy göreşmek boýunça global tagallalar bilen bir wagtyň özünde arassa agyz suwundan peýdalanyp bilmeýändikleri sebäpli ejir çekýändiklerini ýazdy.