Balfour beýannamasy britanýanyň alnyna bir gara menekdir
Palestina dolanşygynyň başsekretary Balfour nebannamasynyň 100 ýyllygy mynasybetli baýram edilmegi baradaky Britanýanyň premýer ministri Treza maýiň aýdan gürrüňini onuň nadanlygynyň we Palestina milletine garşy amala aşyrlan jenaýaty kabul edýänliginiň alamatydyr diýdi.
Treza Maý balfour beýannamasynyň bir ýüz ýyllygyna degişli dabaranyň britanýada geçiriljekdigini yglan etdi.
Treza Maý şeýle-de geçen çarşenbe güni bu ýurduň deputatlarynyň ara atan soraglarynyň jogabynda Ysraýyl režiminiň guralmagy ugurda ýerine ýetiren rolyna buýsanýallygyny aýdypdy.
Palestina Dolanşygynyň gullugynyň başsekretary Al-Taýyp Abdulrahym Treza maýiň aýdan gürrüňleriniň jogabynda bir beýannama boýunça Britanýanyň premýer ministrniň şum Balfour yglannamasynyň ýüz ýyllygyna bagyşlanyp ýörite dabaranyň geçirilmegine aýak diremegi basybalyjy Sionist režimiň jynsparazlykly syýasatlaryny goldamagy manysyndadyr diýip nygtap geçdi.