Zarif: Bagdat bilen Erbiliň arasyndaky gowy gatnaşyklar Eýranyň hemişelik islegi
Eýranyň Daşary işler ministri Bagdat bilen Erbiliň arasyndaky gowy gatnaşyklary Tehranyň hemişelik arzuwy diýip atlandyrdy.
Eýranyň Daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif ýekşenbe güni agşam Yragyň Kürdüstan Demokratik partiýasynyň lideri we Erbiliň öňki sebit lideri Massud Barzani bilen geçiren duşuşygynda Yragyň milli özygtyýarlylygynyň ähmiýetine ünsi çekip, Eýran-Yrak gatnaşyklarynyň ähli ugurlarda giňelmegini garşylady.
"Masud Barzani" hem Eýranyň we Yragyň iki ýurdunyň arasyndaky berk gatnaşyklara we şehit bolan general "Gasem Soleýmanyň" DAEŞ-i ýeňmekde ýatdan çykmajak roluna ünsi çekip Yragyň Kürdüstan sebiti hiç haçan Eýran Yslam Respublikasynyň bähbitlerine we howpsuzlygyna howp salýan ýere öwrülmez diýip yglan etdi.