Seýed Hasan Nasrallah duşmanlara garşy durmak hereketiň dowam etdirmegini nygtdy
Liwandaky Hizbullah hereketiniň Baş sekretary duşmanlar bilen gapma-garşylygy dowam etdirmäge ünsi çekmek bilen çydam toplumy duşmany harby, syýasy we howpsuzlyk taýdan ýeňendir diýdi.
IRNA habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Seýed Hasan Nasrallah Şenbe güni agşam Aşura mynasybetli eden çykyşynda çydam toplumyna garşy propagandalara yşarat edip şu mahal çydam toplumyna garşy alnyp barylýan ýaramaz propagandanyň görlüp-eşidilmedikdigini ýatlatdy.
Liwan Hizbullahyň baş sekretary, çydam toplumyna garşy pul deregine ýazylan makalanyň köpdigine yşarat edip Pars Aýlagyň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň we käbir beýleki ýurtlaryň ilçihanalary şu wagta çenli Hizbullaha garşy propaganda üçin onlarça million dollar sarp edendirler diýdi.
Liwandaky Hizbullahyň baş sekretary çydama garşy zäherli propaganda garşy durmagyň usullarynyň biri hökmünde ýalan habarlary neşir edýän tribunallary we habar saýtlaryny boýkot etmekdigini aýdyp habarlary ünsli saýlamaga çagyrdy.