Kuweýtiň emiri aradan çykdy
https://parstoday.ir/tk/news/west_asia-i8881-kuweýtiň_emiri_aradan_çykdy
Kuweýtiň Amiriniň gullugy bu ýurduň emiri "Sabah Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabah" -yň ölendigini habar berdi
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Sep 29, 2020 16:42 Asia/Ashgabat
  • Kuweýtiň emiri aradan çykdy

Kuweýtiň Amiriniň gullugy bu ýurduň emiri "Sabah Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabah" -yň ölendigini habar berdi

Fars habar gullugynyň habaryna görä, Kuweýtiň Amiriniň gullugy şu gün (sişenbe) Kuweýtiň emiri "Sabah Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabah" -yň aradan çykandygyny habar berdi.

Kuweýt döwlet telewideniýesi hem programmalaryny togtatmak bilen Gurhanyň aýatlaryny ýaýlyma berýär.

Sabah Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabah 1929-njy ýylyň 16-njy iýunynda doguldy we şu gün (sişenbe) 91 ýaşynda ABŞ-nyň keselhanasynda aradan çykdy.

Ol Kuweýtde 2006-njy ýylyň 29-njy ýanwarynda häkimiýete geldi.