Aramco nebiti gaýtadan işleýän zawodyna Ýemen harbylaryň raketa hüjümi
https://parstoday.ir/tk/news/west_asia-i9389-aramco_nebiti_gaýtadan_işleýän_zawodyna_Ýemen_harbylaryň_raketa_hüjümi
Yemen goşunynyň we halyk komitetleriň metbugat sekretary Saud Arabystanyň Jeddah şäherindäki Aramco nebit kompaniýasynyň paýlaýyş stansiýasyna raketa hüjümini yglan etdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Nov 23, 2020 18:39 Asia/Ashgabat
  • Aramco nebiti gaýtadan işleýän zawodyna Ýemen harbylaryň raketa hüjümi

Yemen goşunynyň we halyk komitetleriň metbugat sekretary Saud Arabystanyň Jeddah şäherindäki Aramco nebit kompaniýasynyň paýlaýyş stansiýasyna raketa hüjümini yglan etdi.

"Al-Masira" teleýaýlymynyň habaryna görä, "yaahýa Sari" duşenbe güni Yemen goşunynyň raketa bölüminiň Jeddadaky Aramco nebit kompaniýasynyň paýlaýyş stansiýasyny Quds 2 ganatly raketa bilen nyşana almagy başarandygyny aýtdy.

Yaahýa Sari“Quds 2” raketasynyň nyşany üstünlikli urandygyny yglan edip ýangyn söndüriji ulaglaryň we tiz kömek ulaglarynyň derrew wakanyň ýerine iberilendigini aýtdy.

Yemen goşunynyň metbugat sekretary bu operasiýanyň Ýemeniň dowam edýän agressiýasyna we gabawyna, şeýle hem birnäçe gün ozal Ýemeniň ýaragly güýçleriniň Saud Arabystanynyň içinde uly göwrümli operasiýa geçirmek baradaky wadasyna jogapdygyny aýtdy.

Yaahýa Sari şeýle-de Saud Arabystanynda işleýän raýatlara we daşary ýurt kompaniýalaryna ýüzlenip, Ýemen goşuny operasiýalaryny dowam etdirjekdir oňa görä olar, möhüm desgalardan daşda durmalydyrlar, sebäbi bu desgalar biziň sanawymyzdadyrlar diýdi.

Saud Arabystanyň režimi tarapyndan Ýemeniň giňişleýin gabawyna garamazdan, Ýemen goşunynyň we halyk komitetleriň goranyş güýji günsaýyn artýandyr.