Siriýanyň Daşary işler ministri Tährana geldi
Dec 06, 2020 17:45 Asia/Ashgabat
Siriýanyň Daşary işler ministri şu gün agşam (ýekşenbe) Eýran Yslam Respublikasynyň resmileri bilen duşuşmak üçin Tährana geldi.
EýranPress habarlar gullugynyň habaryna görä, Siriýanyň täze Daşary işler ministri Faýsal al-Makdad Daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif we Eýran Yslam Respublikasynyň beýleki resmileri bilen duşuşmak üçin ilkinji daşary saparynda Tährana gitdi.
Faýsal Mikdad ertir Zarif bilen duşuşar we maslahatlaşar.
Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad 22-nji noýabrda merhum Daşary işler ministri Walid al-Muallemiň ölüminden soň Faýsal Mikdady Siriýanyň daşary işler ministri edip belledi.