Siriýa: Golany azat etmek kararyna geldik
https://parstoday.ir/tk/news/west_asia-i9522-siriýa_golany_azat_etmek_kararyna_geldik
Siriýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary bu ýurduň basyp alnan Golan belentliklerini sionist režimeinden yzyna almak isleýändigini aýtdy.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Dec 10, 2020 14:49 Asia/Ashgabat
  • Siriýa: Golany azat etmek kararyna geldik

Siriýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary bu ýurduň basyp alnan Golan belentliklerini sionist režimeinden yzyna almak isleýändigini aýtdy.

Başar al-Jaafari çarşenbe güni agşam Al-Maýadin habarlar ulgamy bilen geçiren söhbetdeşliginde Birleşen Milletler Guramasyna we Howpsuzlyk Geňeşine ýazan aýratyn hatynda Sionist režiminiň basyp alnan Golan belentliklerinde eden hereketlerinden şikaýat edendigini aýtmak bilen ABŞ we Sionist režim Golany basyp almakda hyzmatdaşdyrlar diýdi.

Al-Jaafari ABŞ-nyň hökümetiniň basyp alnan Siriýa Golanyna garşy alyp barýan syýasatynyň Iňlis kolonial syýasatyndan tapawudynyň ýokdugyny aýtmak bilen bu basyp alyjylyk, Trump döwletiniň Siriýanyň basyp alnan Golanyna garşy çäre görenden soň, Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen Sionist režimeiň bilelikde basyp almagydyr diýdi.

ýakynda ABŞ-nyň Döwlet sekretary Maýk Pompeo basyp alnan Siriýa Golanyna bikanun sapar etdi we Waşingtonyň sebit baradaky kararyny goldaýandygyny we Tel Awiwiň sebitdäki özygtyýarlylygyny nygtandygyny aýtdy.

Al-Jaafariniň bu sözleri, siriýaly çeşmeleriň çarşenbe güni siriýalylaryň basyp alnan Golan belentliklerinde sionistlere garşy demonstrasiýa geçirendigi habar berildi.

Basyp alnan Siriýa Golany, 1967-nji ýylda alty günlük söweşde sionist režimi tarapyndan basyp alyndy we 1982-nji ýylda bu sebiti öz basyp alan ýerlerine birikdirdi.Golan Siriýanyň Al-Kuneitra welaýatynyň bir bölegidir.

Halkara jemgyýetçiligi sionist režimiň bu işini hiç haçan ykrar etmedi