Siriýa ABŞ-nyň sanksiýalaryny uruş jenaýaty diýip atlandyrdy
Siriýanyň Daşary işler ministri Faýsal al-Makdad ABŞ-nyň Siriýa garşy girizen sanksiýalaryny berk tankytlamak bilen bu hereketler adamkärçiliksiz, uruş jenaýatlary we adamzada garşy jenaýatlardyr diýdi.
IRNA-nyň habaryna görä, Siriýanyň resmi habar gullugy (SANA) bilen geçirilen söhbetdeşlikde al-Makdad ABŞ syýasatyny adamkärçiliksiz diýip häsiýetlendirdi we Günbatar ýurtlaryny ösýän ýurtlarda köp adamyň ölümine sebäp bolan çemeleşmeden ýüz öwürmäge çagyrdy.
Ol Olary adamkärçiliksiz usullary ulanyp, öz bähbitlerini yzarlamagyň usullaryny üýtgetmäge çagyrdy, sebäbi bu usullar adam hukuklaryna düýbünden ters gelýär diýip beýan etdi.
al-Makdad ABŞ, Günbatar ýurtlary we sebitdäki käbir ýurtlar tarapyndan goldanýan terroristler tarapyndan Siriýadaky weýrançylyk barada durup geçmek bilen,Siriýadaky terrorçylygy we jenaýatçylary goldaýanlar bu goldaw üçin çykjaýjy tölemelidigini aýtdy.
Siriýanyň Daşary işler ministri Faýsal al-Makdad çykyşynyň başga bir bölüminde Siriýanyň Orsýet, Hytaý, Eýran, Kuba, Nikaragua we Boliwiýa ýaly dostlukly ýurtlar bilen gatnaşyklarynyň gülläp ösýändigini aýtdy.