Abdullah Abdullah: Talyban wekiliýetiniň Tehrana eden sapary barada ylalaşyldy
https://parstoday.ir/tk/news/world-i10022-abdullah_abdullah_talyban_wekiliýetiniň_tehrana_eden_sapary_barada_ylalaşyldy
Owganystanyň Milli Ylalaşyk Geňeşiniň başlygy Talyban wekiliýetiniň Tehrana saparynyň geňeş bilen ylalaşyk esasynda bolanlygyny aýtdy.
(last modified 2021-12-27T10:31:41+00:00 )
Jan 28, 2021 13:02 Asia/Ashgabat
  • Abdullah Abdullah: Talyban wekiliýetiniň Tehrana eden sapary barada  ylalaşyldy

Owganystanyň Milli Ylalaşyk Geňeşiniň başlygy Talyban wekiliýetiniň Tehrana saparynyň geňeş bilen ylalaşyk esasynda bolanlygyny aýtdy.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Abdullah Abdullah çarşenbe güni özüniň Facebook sahypasynda "Talyban" delegasiýasynyň Tehrana gitmegi we Eýran Yslam Respublikasynyň resmileri bilen duşuşyp, parahatçylyk etabyny ara alyp maslahatlaşmagy barada özi bilen ylalaşylanlygyny yglan etdi.