Gyrgyzystanda neşe gaçakçylaryna garşy göreş
Feb 04, 2021 13:56 Asia/Ashgabat
Gyrgyzystanyň Milli howpsuzlyk komitetiniň başlygy bu ýurtdaky neşe gaçakçylaryna garşy has güýçli göreşmegiň zerurdygyny aýtdy.
"Fars" habar gullugynyň habaryna görä, "Komçi Bek Taşiýew" parlament mejlisinde Gyrgyzystanda neşe gaçakçylygynda käbir ýokary derejeli harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň hyzmatdaşlygyna yşarat edip hökümet guramaçylykly jenaýatçylyga garşy täze çäreleri görer diýdi.
Gyrgyzystanyň Milli howpsuzlyk komitetiniň başlygy Gyrgyzystanda guramaçylykly jenaýatlaryň bardygyny aýtdy.
Gyrgyzystan häzirki wagtda Merkezi Aziýanyň iň garyp ýurtlaryndan biri we Merkezi Aziýa sebitinde neşe serişdeleriniň paýlanyş merkezidir.