Abdullah Abdullanyň Owganystandaky söweşi bes etmek üçin pursatdan peýdalanmagy nygtamagy
(last modified Fri, 05 Feb 2021 20:07:11 GMT )
Feb 06, 2021 01:07 Asia/Ashgabat
  • Abdullah Abdullanyň Owganystandaky söweşi bes etmek üçin pursatdan peýdalanmagy nygtamagy

Owganystanyň ýokary Milli Ylalaşyk Geňeşiniň başlygy, parahatçylyk gepleşikleriniň togtadylmagynda Talybany günäkärlemek bilen bu topary söweşi we çaknyşygy bes etmek üçin pursatdan peýdalanmaga çagyrdy.

Tasnim habar gullugynyň habaryna görä, "Abdulla Abdulla" anna güni Owganystanyň hökümetiniň Katardaky Talyban bilen parahatçylyk gepleşikleriniň togtadylmagy barada beren beýanatynda hökümet wekiliýetiniň Doha şäherinde doly ygtyýarlydygyny aýtmak bilen ýöne Talybanyň esassyz we manysyz sebäpler  bahanasy bilen Gepleşikleriň başlamagyny yza süýşürendigini aýtdy.

Owganystanyň ýokary Milli Geňeşiniň başlygy şeýle-de, Talyban urşy we zorlugy,we musulmanlary öldürmegiň bes edilmegi we owgan halkynyň çekýän jebir-jepalaryny artdyrmazlyk ýaly esasy meseleleri ara alyp maslahatlaşmagyň ýerine, çekeleşikli gepleşikleriň yzyndadyr diýmek bilen Toparyň güýçleri owgan halkyna garşy göreşmegi we zor ulanmagy dowam etdirýärler diýip yglan etdi.

Tags