Guterres: korona adam hukuklary krizisini döretdi
https://parstoday.ir/tk/news/world-i10320-guterres_korona_adam_hukuklary_krizisini_döretdi
BMG-nyň Baş sekretary Koronanyň adam hukuklary krizisine sebäp bolýandygyny duýdurmak bilen korona garşy göreşde halkara raýdaşlyga çagyrdy.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Feb 16, 2021 17:55 Asia/Ashgabat
  • Guterres: korona adam hukuklary krizisini döretdi

BMG-nyň Baş sekretary Koronanyň adam hukuklary krizisine sebäp bolýandygyny duýdurmak bilen korona garşy göreşde halkara raýdaşlyga çagyrdy.

Antonio Guterres özüniň twitter sahypasynda şeýle ýazypdyr: Korona wirusy adam hukuklary krizisini döretdi, Koronanyň ýaýramagy bilen bütin dünýäde diskriminasiýa, ksenofobiýa we ekstremizme esaslanýan zorluk artýar diýmek bilen geljekde ýigrenje ýerimiz ýok, we Birleşen Milletler Guramasy jynsparazlyga we diskriminasiýa garşy göreşmek borjundan asla ýüz öwürmez.

Guterres dünýädäki köp maşgalanyň ejelerini, kakalaryny we doganlaryny Korona sebäpli ýitirendigine gynanç bildirdi we global agzybirlik we raýdaşlyk arkaly Korona garşy göreşmegi dowam etdirmäge çagyrdy.