Orsýet Amerikany ýarag şertnamasyny bozmakda aýyplady
Orsýetiň daşary işler ministriniň orunbasary Amerika raketa garşy goranyş sistemany Ýaponiýa döwletine satmagy bilen ýarag şertnamasyny bozandyr diýdi.
Fransiýa habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Orsýetiň daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Riabkow bir beýannama boýunça Amerikanyň Ýaponiýa döwletine satan raketa garşy goranyş sistemasy 1987-nji ýylda orta aşyr ýadro güýçleri baradaky şertnamanyň tersinedir diýip yglan etdi.
Amerika döwleti bu hilli sistemalary Orsýetiň gün dogar serhetlerinde ýerleşdirmegi bilen öz harby çärelerinde käbir meseleleri göz öňüne tutmaga Moskwany mejbur edýär diýip Sergeý Riabkow sözüne goşdy.
Orsýetiň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Mariýa Zaharowa hrm geçen penşenbe güni Amerikanyň raketa garşy goranyş sistemasynyň Orsýetiň serhetleriniň golaýnda ýerleşdyrylmeginiň Tokio bilen Moskwanyň gatnaşyklaryna ýaramaz täsiri galdyrjakdygyny nygtapdy.