Owganystanyň prezidenti terrorçylar bilen garşylaşmagy nygtady
https://parstoday.ir/tk/news/world-i1071-owganystanyň_prezidenti_terrorçylar_bilen_garşylaşmagy_nygtady
Owganystanyň döwlet baş tutany Muhammet Aşraf Gani bu ýurdyň ilatyndan terrorçy toparlaryň hüjümleriniň garşysynda berk durmaklaryny isledi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jan 01, 2018 16:49 Asia/Ashgabat
  • Owganystanyň prezidenti terrorçylar bilen garşylaşmagy nygtady

Owganystanyň döwlet baş tutany Muhammet Aşraf Gani bu ýurdyň ilatyndan terrorçy toparlaryň hüjümleriniň garşysynda berk durmaklaryny isledi.

terrorçy toparlar Owganystanyň howpsyzlyk güýçleriniň garşysynda yzygiderli ýeňilmeklerinden soňra indi harby bolmadyk ilaty şol sanda zenan we çagalary nyşana alandyrlar diýip Muhammet Aşraf Gani aýtdy.

Aşraf Gani şeýle-de Owganystanyň gündogarynda ýerleşen Nangarhar welaýatynyň merkezi Jalalabat şäherinde uzadyş çäresinde amala aşyrylan terrorçylykly hüjümi ýazgarmak bilen terrorçylar parahat ilata we düýp gurluşyklara hüjüm etmek bilen Owganystanyň ähli ilaty bilen duşmandygyny açyk belli edendirler oňa görä Owgan halky ýurdyň howpsyzlyk güýçleriniň ýanynda terrorçy toparlaryň garşysynda agzy birlik we kuwwatlylyk bilen durup bu toparlary basyp ýatyrmalydyrlar diýip nygtap geçdi.

soňky günlerde Kabulda we Jalalabat şäherlerinde amala aşyrylan terrorçylykly hüjümlerde azyndan 70 adam öldi we 100-den gowragy ýaralandy.