Amerikada Aziýalylara garşy zorlugyň artmagy
https://parstoday.ir/tk/news/world-i10910-amerikada_aziýalylara_garşy_zorlugyň_artmagy
Statistikalar korona epidemiýasynyň Amerikada ýaýramagy bilen bir wagtda ABŞ-da Aziýalylara garşy zorluk we ýigrençiň ýokarlandygyny görkezýär.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Mar 28, 2021 14:57 Asia/Ashgabat
  • Amerikada Aziýalylara garşy zorlugyň artmagy

Statistikalar korona epidemiýasynyň Amerikada ýaýramagy bilen bir wagtda ABŞ-da Aziýalylara garşy zorluk we ýigrençiň ýokarlandygyny görkezýär.

"KING 5" teleýaýlymyna görä, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda Aziýalylara garşy täze zorluk hadysasynyň habar berilýändigine garamazdan, statistikalar Korona epidemiýasy wagtynda Aziýalylara garşy zorlugyň we ýigrenjiň ep-esli artandygyny görkezýär.

Amerikanyň dürli ştatlarynda Aziýalylara garşy zorlugyň dowam etmegi bilen, Waşington ştatynyň işgärleri hem bu hadysa has çynlakaý jogap bermäge çagyrdylar.

Bu aralykda, Kongres agzasy Parmila Jaipal ýaly käbir ýerli işgärler bu sosial meselä gynanmak bilen bu guramalaşan jynsparazlyga has çynlakaý milli jogap bermäge çagyrdylar.

Aktiwistleriň pikiriçe, bu meseläniň çözgüdi bu zorluga garşy göreşmek üçin zerur çeşmeleri üpjün etmekdir we ilkinji nobatda Amerikanyň jemgyýetinde şeýle meseläniň bardygyny kabul etmekdir.

Şunuň bilen baglylykda, jynsparazlyga garşy aktiwistler, Amerikanyň dürli ştatlarynda şol sanda Seattldaky seýilgäleriň birisinde zorluga garşy Aziýalylary goldamak üçin ýörişe çagyrdylar.