Kamala Harris: Adalatsyzlyk ähli amerikalylar üçin kynçylyk
Amerikanyň prezidentiniň orunbasary Kamala Harris Jorj Floýdy öldüren polisiýanyň höküminden soň beren gürrüňlerinde adalatsyzlyk ähli amerikalylar üçin kynçylykdyr diýdi.
Çarşenbe güni IRNA-nyň habaryna görä Amerikanyň prezidentiniň orunbasary Kamala Harris metbugat ýygnagynda: Bu diňe bir garaýagyzlar ýa-da reňkli amerikalylar üçin kynçylyk däl-de, eýsem ähli amerikalylar üçin kynçylykdyr diýdi.
Amerikanyň prezidentiniň orunbasary şeýle-de bu mesele Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda hemmeler üçin azatlyk we adalat baradaky wadamyzy ýerine ýetirmegimizi ýatladýar diýip aýtdy.
Bu aralykda, orunbasary we Ak tamyň beýleki işgärleri bilen Derek Şowiniň hökümine şaýat bolan ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden, Günäkärlenýäniň üç işde-de günäkär tanalmagy barada gürrüň gozgap "Bu adalata tarap uly ädimdir" diýdi.
Derek Şowiniň kazyýet işi ýakynda Jorj Floýdiň öldürilmeginden 10 aý soň geçirildi Düýn (sişenbe) eminler onuň hakda maslahatlaşdylar.kazyýetiň Emin agzalary Şowini ähli işde günäkär hasapladylar.
Amerikanyň dürli şäherlerinde adamlar "Jorj Floýdy" bogup öldüren ak polisiýanyň kazyýet işinden soň Jynsparazlyga we polisiýanyň zorlugyna garşy ýöriş etdiler.