Talyban lideri Amerika duýduryş berdi
Talyban lideri Amerikaga Doha şertnamasyny bozmak barada duýduryş berdi.
Owganystandaky "Şafakna" habar gullugynyň habaryna görä, Talyban toparynyň lideri Molla Hebatullah Talyban tussaglary Doha şertnamasy boýunça boşadylmady we Talyban agzalaryna we bölümlerine garşy sanksiýalar ýatyrylmady diýip yglan etdi.
Şeýle hem Molla Hebatullah owgan döwletini bu toparyň parahatçylyk gepleşiklerini bozmakda aýyplaýandygyny tankytlady.
Talyban lideri, parahatçylyk gepleşiklerinde bu toparyň roluna ünsi çekip owgan döwletini parahatçylyk gepleşiklerinden öň bu topara habar bermäge çagyrdy.
Hasabatda aýdylmagyna görä, Talyban lideri öz sargydynda mukaddes Remezan aýynda "duşmançylygyň bes edilmegi", şeýle hem "Stambul sammiti" barada hiç zat aýtmandyr.