Amerika Ysraýylyň palestinalylara edýän hüjümlerini goldaýandygyny tassyklady
Sionist režimi güýçleri tarapyndan Gazanyň bombalanmagy we palestinaly raýatlaryň öldürilmegi dowam edýärkä, Amerika döwleti sionistlere goldaw bermegini dowam etdirýär.
IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Ak tamyň metbugat sekretary Jen Saki anna güni metbugat ýygnagynda basyp alnan sebitlerdäki ýagdaý barada beren gürrüňlerinde Sionistleriň jenaýatlaryna ähmiýet bermän, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň "Ysraýylyň özüni goramak hukugy" diýilýän zady goldaýandygyny ýene bir gezek toslady.
Saki sözüniň dowamynda Prezident Baýdeniň, ABŞ-nyň döwletiniň we milli howpsuzlyk toparynyň maksady dartgynlygy azaltmak we günbatar Aziýada parahatçylygy gazanmak üçin işlemekdir diýdi.Bu bir ýagdaýdadir welin, soňky günlerde ABŞ döwleti BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň mejlisini gurmak we palestinalylaryň öldürilmegi barada beýannama bermek baradaky tagallalary togtadandyr.
Şol bir wagtyň özünde, Baýden administrasiýasynyň sionistleriň wagşyçylyklaryna birtaraplaýyn goldaw bermegi ABŞ-nyň Kongresinde tankyt edildi.
ABŞ-nyň Wekiller mejlisiniň demokrat agzasy Raşida Talib hem penşenbe güni Wekiller mejlisinde been gürrüňlerinde Sionist režim tarapyndan palestinalylaryň dünýä gözüniň öňünde öldürilmegini we ABŞ resmileriniň olaryň görgülerini makullamazlygyny ýazgardy.
Palestinanyň çydamy bilen Sionist režimiň arasyndaky gapma-garşylyk duşenbe gününden we çydamyň Tel Awiwe Kudsa we Al-Aqsa metjidinde hüjüm etmegi bes etmek barda Bellän möhletden soň başlandy.
Gaza zolagyndaky Saglygy goraýyş ministrligi şu gün Sionist režimiň hüjümlerinde şehit bolanlaryň sanynyň 139-a ýetendigini we şu wagta çenli 950-den gowrak palestinalynyň ýaralanandygyny habar berdi.