Yrak hökümeti bilen Häşdolşäbi güýçleriniň dartgynlylygy
Yrak hökümeti bilen bu ýurduň Häşdolşäbi adly halk güýçleriniň arasynda ýygy-ýygydan dartgynlylyk ýüze çykýar.
Soňky günlerde Mustafa al-Kazeminiň hökümeti bilen Häşdolşäbi adly halk güýçleriniň arasyndaky gatnaşyklar dartgynlylyga ýene bir gezek şaýat boldy. Dartgynlylyk Häşdolşäbiň görnükli serkerdelerinden biri Kazim Moslehiň Yragyň premýer-ministriniň gözegçiligi astyndaky ýörite güýçler tarapyndan tussag edilmegi bilen ýüze çykdy.
Kazemi hökümeti bilen Häşdolşäbiň arasyndaky gatnaşyklaryň ilkinji gezek dartgynlylyga şaýat bolmagy däl. Mustafa al-Kazemi premýer-ministr wezipesine girişenden soň, Häşdolşäbi guramasynyň başlygy Faleh al-Faýaz bilen düşüşip bu güýçleriň eşigini geýnip, Häşdolşäbini Yrak halky we jemgyýeti üçin abraý hökmünde häsiýetlendirdi, emma geçen ýylda onuň hökümeti we Häşdolşäbi dartgynlylyga şaýat boldy.
Sorag, Al-Kazemi bilen hökümetiň arasyndaky bu dartgynly gatnaşyklaryň sebäpleri näme?
Ilki bilen bu dartgynlyk Mustafa al-Kazeminiň we onuň toparynyň Häşdolşäbi toparyna pikirlenmegi bilen baglanyşykly bolmaly, sebäbi al-Kazemi güýçleriniň hereketleri onuň göni buýrugy bilen amala aşyrylýar. Al-Kazeminiň özüni alyp barş usuly, Häşdolşäbiň Yragyň howpsuzlyk gurluşynyň bir bölegidigine garamazdan, Häşdolşäbiň ornuny azaltmak isleýändigini görkezýär. Al-Kazemi "Yragyň Erdogany" bolmaga synanyşana meňzeýär. Erdogan häkimiýete gelenden soň Türkiýedäki harbylary gowşatmak üçin hereket etdi.
Şeýle hem ideologiki taýdan Häşdolşäbiň çydam pikiri bar, Yragyň içerki işlerine daşary ýurtlaryň gatyşmagyna garşy çykýar we ABŞ goşunlarynyň Yrakdan çykarylmagyny goldaýan iň möhüm topardyr. Şol bir wagtyň özünde Mustafa al-Kazemi we hökümeti ne cydam pikirine ynanýarlar, ne-de ABŞ goşunlarynyň yza çekilmegini goldaýarlar. Şoňa görä-de, soňky bir ýylda Mustafa Kazeminiň hökümeti Yrak parlamentiniň Amerikan goşunlaryny çykarmak baradaky kararyny ýerine ýetirmekden ýüz öwürdi we bu güýçler Al-anbar şäheriniň Aýn al-Assad bazasyndaky berkitmelerini berkitdi.
Ýene bir mesele, al-Kazemi we onuň tarapdarlarynyň pikiriçe, Häşdolşäbini gowşatmak we ýok etmek, onuň Yragyň güýç gurluşyndaky pazisiýasyny güýçlendirip biler.