Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýäniň prezidentleri bilelikdäki beýanyna gol çekdiler
https://parstoday.ir/tk/news/world-i12048-azerbaýjan_respublikasynyň_we_türkiýäniň_prezidentleri_bilelikdäki_beýanyna_gol_çekdiler
Azerbaýjanyň we Türkiýäniň prezidentleri, Nagorno-Garabag sebitiniň Şuşa şäherinde geçirilen ikitaraplaýyn duşuşygynyň we gepleşikleriniň ahyrynda bilelikdäki beýannama gol çekdiler.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jun 16, 2021 11:37 Asia/Ashgabat
  • Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýäniň prezidentleri bilelikdäki beýanyna gol çekdiler

Azerbaýjanyň we Türkiýäniň prezidentleri, Nagorno-Garabag sebitiniň Şuşa şäherinde geçirilen ikitaraplaýyn duşuşygynyň we gepleşikleriniň ahyrynda bilelikdäki beýannama gol çekdiler.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, "Ylham Alyýew" sişenbe güni Şuşa şäherinde "Rejep Taýyp Erdogan" bilen duşuşandan soň duşuşygy diýseň möhüm we taryhy diýip häsiýetlendirdi.

Azerbaýjanyň prezidenti sözüniň üstüni ýetirdi: "Gol çekilen resminamalar geljekdäki syýasatymyzy kesgitleýär we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähli taraplaryny, esasanam goranyş senagaty we özara harby kömegi öz içine alýar we bu biziň hemişe bile boljakdygymyzy we birek-biregiň howpsuzlygyny goldajakdygymyzy görkezýär diýdi.

Alyýew sebitde ulag baglanyşyklarynyň döredilmegini bilelikde gol çekilen resminamanyň möhüm düzgünleriniň biri hökmünde häsiýetlendirdi.

Türkiýäniň prezidenti hem çykyşynda Geçen ýyl 44 gün dowam eden söweşiň Nagorno-Garabagyň görgülerini gutarandygyny belläp: Biz şuňa meňzeş betbagtçylygyň gaýtalanmazlygy üçin elimizden gelenini ederis we ähli taraplary Azerbaýjan Respublikasynyň ýeňşini ykrar etmäge çagyrýarys diýdi.

Ärdogan sözüniň  dowamynda Azerbaýjan respublikasy bilen bilelikdäki beýannama gol çekmek bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýol kartasyny kesgitledik we Şuşada türk konsullygyny döretmegi meýilleşdirýäris diýdi.

Ermenistan hökümeti Türkiýäniň we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentleriniň Nagorno-Garabag sebitine eden saparyny ýazgardy.