Ispaniýa ABŞ-nyň ýadro gepleşiklerine gaýdyp gelmegini isleýär
Ispaniýanyň Daşary işler ministri Stokgolm inisiatiwasyna agza döwletleriň Eýranyň ýadro gepleşiklerinde anyk ösüşe garaşýandyklaryny aýtdy.
Al Jazeera-nyň habaryna görä Arança Gonzalez-Laýa: Stokgolm inisiatiwasynyň agza döwletleri Eýranyň ýadro gepleşiklerinde anyk ösüşe garaşýarlar diýmek bilen Ylalaşyk diňe gepleşikler arkaly gazanylyp bilner we agza döwletler Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň bu gepleşiklere doly dolanyp gelmegine garaşýarlar diýdi.
Ispaniýanyň Daşary işler ministri sözüniň dowamynda Ylalaşyga ýetmek ugurda umyt bildirip, Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat başlygy Jozef Borrelliň topary bilen ylalaşyk gazanmak üçin edýän tagallalaryna goldaw bereris diýip yglan etdi.
Ýadro ýaragsyzlanmagy baradaky Stokgolm başlangyjy 16 ýurduň galybynda mundan beýläk-de öňe gitmek üçin ýygnanşandyrlar.
Ýadro gepleşikleri Wenada alty tapgyr dowam eden intensiw we dowam edýän gepleşiklerden soň tamamlanyp barýar we diplomatlar bu şertnamanyň ýakyn hepdelerde işjeňleşjekdigine umyt edýärler.