Günbatar Ýewropada sil heläkçiliginiň ýokarlanmagy
https://parstoday.ir/tk/news/world-i12504-günbatar_Ýewropada_sil_heläkçiliginiň_ýokarlanmagy
Iň soňky sanowlara görä, suw joşmalary infrastrukturanyň giňden weýrançylyklara sebäp bolmakdan başga-da 100-e golaý adamyň ölmegine sebäp boldy.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jul 16, 2021 11:49 Asia/Ashgabat
  • Günbatar Ýewropada sil heläkçiliginiň ýokarlanmagy

Iň soňky sanowlara görä, suw joşmalary infrastrukturanyň giňden weýrançylyklara sebäp bolmakdan başga-da 100-e golaý adamyň ölmegine sebäp boldy.

Germaniýanyň "ERD" ulgamynyň anna güni habar bermegine görä, German polisiýasy bir hasabat boýunça günbatar Ýewropada bolup geçen suw joşmalarynyň, düýp gurluşyklaryna giňden zeper ýetmeginden başga-da, 100-e golaý adamy öldürdi, olaryň azyndan 81-si Germaniýanyň raýatlarydy diýip yglan etdi.

Hasabata görä, Germaniýanyň "Neu‌arr-Arvailer" sebitindäki suw joşmalary sebäpli 1300 töweregi adam dereksiz ýitýär.

Germaniýa çeşmelerine görä, ýagdaý şeýle bir erbet welin, 2500 halas ediş işgärinden başga-da goşun kömege geldi we ýüzlerçe harby suw basan ýerlerde jaýlaryň üstünde ýa-da suwyň ortasynda galan adamlary halas etmek üçin kömek edýärler.

Şeýle hem Germaniýa goşunyň tanklarlary ýollary arassalamak üçin we howa güýçleriniň dikuçarlary hem halka kömege geldiler.

AFP we Ýewronews habarlar gulluklary Germaniýada, Fransiýada, Gollandiýada, Şweýsariýada we Belgiýadaky krizis barada-da habar bermek bilen aragatnaşyklaryň, telefon liniýalaryň we internetiň düýpli kesilendigini yglan etdiler.